02.02.2024

TÜRKMENISTAN BILEN TÜRKIÝÄNIŇ BAŞ DIPLOMATLARY RAÝAT AWIASIÝASY, ENERGIÝA HYZMATDAŞLYGYNY MASLAHATLAŞDYLAR

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda raýat awiasiýasy we energiýa hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkiýäniň “Anadoly” agentligi habar berýär. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanyň DIM-niň penşenbe güni habar bermegine görä, Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryna hem garadylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli aragatnaşyk saklamagy ylalaşdylar.