Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesindäki gurulýan halkara howa menzili
Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesindäki gurulýan halkara howa menzili
Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesindäki gurulýan halkara howa menzili
Bu halkara howa menzili sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen. Sebit we dünýä ähmiýetli bu taslamanyň gurluşygy üç ýylyň dowamynda amala aşyrylar. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek ukyby bolan ýolagçy terminalynyň 3 gatly jaýy bolup, 1-nji gat – garaşylýan jaýy, ýerli we halkara gatnawlarynyň ýolagçylaryny, el-goşlaryny resmileşdirilýän jaýy öz içine alar. Ýerli we halkara gatnawlaryň resmileşdirilýän jaýlary öz aralarynda aýnaly diwar bilen bölüner. Halkara gatnawlaryň ýolagçylarynyň resmileşdirilýän jaýy – immigrasion, serhet, sanitar-epidemiologiki we gümrük gulluklaryň işlerini guramak üçin niýetlenen ähli zerur bolan enjamlary bilen enjamlaşdyrylar. Garaşylýan jaýynda ýolagçylar üçin ähli amatlylyklary bolan şertler dörediler. Ýük terminalynyň ýyldaky ýük geçirijiligi ýylda 200 tonna barabar bolar. Bu ýerde 2 bölekden ybarat bolan germewli we wideo gözegçiligi alnyp barylýan ýük ammary göz öňünde tutulýar.
Täze Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy 3200 metr, ini 60metr bolar. Ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, I gatda hasaba alyş bölümi ýerleşer. Ol 60 orundan az bolmadyk möçbere niýetlenen. Uçuşlar üçin garaşylýan zal 330 orunlyk bolar. Howa gämilerine gadagan edilen enjamlar üçin gözegçilik nokady göz öňünde tutulýar. VIP, CIP we resmi delegatlary garşy almak we ugratmak üçin ähli wajyp enjamlar bilen enjamlaşdyrylan aýratyn zallar hem göz öňünde tutulýar. Seplenen gatnawlaryň ekipažlary üçin 20 orunlyk myhmanhana hem bolar. Bu bu halkara howa menzilinde 4 sany uçar duralgasy, 4 sany dikuçar duralgasy bolar.